Bilelikdäki Mehanizmiň 4-nji Maslahaty Ankarada Geçirler

Türkiýäniň, Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň gatnaşmagyndaky Bilelikdäki Mehanizmiň 4-nji maslahaty Ankarada geçirler.

1998823
Bilelikdäki Mehanizmiň 4-nji Maslahaty Ankarada Geçirler

Türkiýäniň, Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň gatnaşmagyndaky Bilelikdäki Mehanizmiň 4-nji maslahaty paýtagt Ankarada geçirler.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Türkiýäniň, Finlýandiýanyň, Şwesiýanyň we NATO-nyň wekiliýetleriniň gatnaşmagyndaky Bilelikdäki Mehanizmiň 4-nji maslahaty 2023-nji ýylyň 14-nji iýunynda paýtagt Ankarada geçirler.

Maslahatda Türkiýä, Prezidentiň kömekçisi ilçi Akif Çagataý Kylyç ýolbaşçylyk eder.

Maslahatda NATO-nyň wekiliýetine NATO-nyň Baş sekretarynyň kömekçisi Stian Žensen, Şwesiýanyň wekiliýetine  Şwesiýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary ilçi  Ýan Knutsson we Finlýandiýanyň wekiliýetine hem Finlýandiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hemişelik döwlet sekretary Ýukka Salowaara ýolbaşçylyk eder.

Russiýanyň Ukraina hüjüm guramagyndan soň NATO agzalyk üçin ýüz tutan Şwesiýa we Finlýandiýa bilen Türkiýäniň arasynda 2022-nji ýylyň  28-nji iýunda İspaniýanyň paýtagty Madritde geçirlen NATO-nyň liderler maslahatynda Türkiýäniň aladalarynyň ortadan aýrylmagy üçin üçtaraplaýyn teswirnama baglaşylypdy.

Türkiýe aladalaryny ortadan aýyran Finlandiýanyň NATO agzalygyna goldaw berýär.

Türkiýe terrora goldaw berýän Şwesiýanyň NATO agzalygyna bolsa garşy durýar.

 

 



Degişli Habarlar