Şyrnak welaýatynda howpsuzlyk gullukçysy şehit boldy

Şyrnak welaýatynyň Jizre etrabynda ulagynda ýaragly hüjüme sezewar galan howpsuzlyk gullukçysy Mustafa Erdem şehit boldy

1995695
Şyrnak welaýatynda howpsuzlyk gullukçysy şehit boldy

Şyrnak welaýatynyň gubernatorlygy sosial media hasabyndan beren beýanatynda, wakanyň terrorçylykly hüjüm bolandygynyň anyklanandygyny habar berdi. 

Beýanatda: "Jizre etrabynyň Sur etrapçasynda howpsuzlyk gullukçysy Mustafa Erdem ulagynda hüjüme sezewar galyp şehit boldy. Waka bilen baglanşykly geçirilen derňew işiniň netijesinde wakanyň terrorçylykly hüjüm bolandygy anyklandy, hüjümiň jogapkärleriniň 1-i tussag edildi, beýleki jogapkärleriň tussag edilmegi üçin işleri geçirilýär" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar