Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy wezipesine Ibrahim Kalyn bellendi

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy wezipesine Ibrahim Kalyn bellendi

1996201
Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy wezipesine Ibrahim Kalyn bellendi

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanatda: "Prezidentimiz hormatly Rejep Taýýip Erdogan Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy wezipesine hormatly Ibrahim Kalyny belledi" diýip habar berildi. 

Milli Howpsuzlyk gullugynda şu gün geçirilen dabarada Ibrahim Kalyn, Ministrler kabinetiniň mejlisiniň täze düzüminde Daşary işler ministri bolan Hakan Fidandan wezipäni öz üstüne aldy.

Beýleki tarapdan bolsa Beýik Britaniýanyň Daşary razwedka gullugy MI6-nyň başlygy Riçard Mur Twitter hasabyndan Ibrahim Kalyny gutlap: "Köne dostym Ibrahim Kalyny Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy wezipesine bellenmegi mynasybetli gutlaýaryn, bilelikde işleşmek üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Gutly bolsun" diýip belledi. 

Riçard Mur 2014-2017-nji ýyllar aralygynda Beýik Britaniýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bolup işläpdi. 



Degişli Habarlar