PKK-a agza iki terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi
Geçirilen işleriň netijesinde ekstremist terror guramasy PKK-nyň hataryndan gaçan PKK-a agza 2 terrorçy Türk howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi
1995194
Türkiyäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, Žandarma güýçleriniň Baş serkerdeligi we Içeri işler edarasynyň Baş müdürligi tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde terror guramasy PKK-nyň hataryndan gaçan 2 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi.
Boýun egen terrorçylaryň 2013-nji we 2014-nji ýyllarda guramanyň hataryna goşulandyklary, Siriýada iş alyp barandyklary anyklandy.
Şu ýyl edilen işleriň netijesinde boýun egen terrorçylaryň sanynyň 50-ä ýetendigi habar berildi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.