Prezident Erdogan Resmi Taýdan Wezipesine Girişer

Ilkinji dabara paýtagt Ankarada, TBMM-de geçirler.

1994834
Prezident Erdogan Resmi Taýdan Wezipesine Girişer

28-nji maýda geçirlen saýlawda gaýtadan üstünlik gazanan Prezident R. T. Erdogan, 2028-nji ýyla çenli dowam etdirjek wezipesine resmi taýdan girişer.

Ilkinji dabara paýtagt Ankarada, TBMM-de geçirler.

Erdogan üçin resmi garşylama dabarasy geçirler.

TBMM-niň wagtlaýyn başlygy Milletçi hereket partiýasynyn lideri Dewlet Bahçeli ilki Prezident Erdogana mandatyny gowşurar.

Erdogan soň Mejlisiň Baş Assambleýasynda kasam eder.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen birlikde birnäçe ýurduň we halkara guramanyň lideri kasam ediş dabarasyna gatnaşar.

Prezident Erdogan daşary ýurtly myhmanlarynyň hormatyna Türkiýe wagty bilen 19.00-da Çankaýa köşgünde agşam naharyny berer.

Nahardan soň Prezident Erdoganyň Ministrler kabinetiniň täze düzümini yglan etmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar