Mewlüt Çawuşoglu, Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Mewlüt Çawuşoglu, Eýranyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1993780
Mewlüt Çawuşoglu, Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Zayid Al Nahyan-Cavusoglu.jpg

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Abdullahiýan, kärdeşi Çawuşoglu bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Prezident R. T. Erdoganyň wezipesine gaýtadan saýlanmagy we parlament saýlawynda gazanan üstünligi bilen gutlady.

Çawuşoglu bilen Abullahiýan telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar hakynda hem pikir alyşdy.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministri Şyh Abdullah bin Zaýed Al Nahaýan bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ministr Şyh Abdullah hem Prezident Erdoganyň gaýtadan wezipesine saýlanmagy we parlament saýlawynda gazanan üstünli bilen gutlady.

Çawuşoglu bilen Abdullah iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda hem pikir alyşdy.



Degişli Habarlar