Erdogan, Serbiýanyň we Kosowanyň Lideri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen sebitara meseleler hem gün tertibine getirildi.

1993769
Erdogan, Serbiýanyň we Kosowanyň Lideri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wujij we Kosowanyň Premýer-ministri Albin Kurti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Serbiýanyň Prezidenti Wujij bilen Kosowanyň Premýer-ministri Kurti, telefon söhbetdeşliginde, Prezident Erdogany gaýtadan wezipesine saýlanmagy bilen gutlady.

Telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen sebitara meseleler hem gün tertibine getirildi.

Prezident Erdogan, Kosowanyň demirgazygynda başdan geçirilýän wakalar hakynda durup geçdi we sebitde yzygiderli parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin gepleşik etabynyň möhümdigini nygtady.

Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde, Türkiýe hökmünde gepleşik etabynda öz üstüne düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirmäge taýardyklaryny belledi.



Degişli Habarlar