Çawuşogly rus kärdeşi Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Maslahata Türkiyäniň, Russiýanyň, Eýranyň we Siriýadaky Asada bagly režimiň Daşary işler ministrleri gatnaşypdy

1990863
Çawuşogly rus kärdeşi Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Siriýa temaly Dört taraplaýyn Daşary işler ministrleriniň maslahaty barada pikir alyşdy.

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä Çawuşogly rus kärdeşi Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde 10-njy maýda geçirilen Siriýa temaly Dört taraplaýyn Daşary işler ministrleriniň maslahaty ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Maslahata Türkiyäniň, Russiýanyň, Eýranyň we Siriýadaky Asada bagly režimiň Daşary işler ministrleri gatnaşypdy. 



Degişli Habarlar