Türkiye Aksa metjidine basyş edip girilmegini ýazgardy

Türkiye fanatik jöhit toparlaryň Ysraýylyň polisiýa işgärleriniň goragy astynda düýn Aksa metjidine basyş edip girmegini ýazgardy

1988383
Türkiye Aksa metjidine basyş edip girilmegini ýazgardy

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Fanatik jöhit toparlaryň Aksa metjidiniň taryhy statusynyň düzgünini ýene-de bir gezek bozup, Ysraýylyň polisiýa işgärleriniň goragy astynda Aksa metjidine basyş edip girmegini we şol sebitde ybadat etmek synanyşygyny berk ýagdaýda ýazgarýarys" diýip habar berildi. 

Beýanatda ministrligiň Ysraýylyň hökümetiniň bular ýaly görnüşli meçew beriji aksiýalara rugsat bermezligi barada çagyryş berendigi we şonuň esasynda mukaddes ýerlerdäki statusyň goralmagy bilen bagly gerek bolan çäreleriň berk we haýal etmän görülmegine garaşylýandygy beýan edildi. 



Degişli Habarlar