Erdogan 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

1988422
Erdogan 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Milli Azat edijilik göreşiniň Baş serkerdesi, Respublikanyň esaslandyryjysy Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň Samsuna çykmagynyň 104-nji ýylynyň şatlygyny we buýsanjyny başlaryndan geçirýändiklerini aýdan Prezident Erdogan, raýatlary 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy bilen gutlady. 

Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň türk ýaşlaryna peşgeş beren 1919-njy ýylyň 19-njy maý gününi, ata-babalarymyzyň kyn şertlerde güýçli iman we ynanç bilen garşylyk ruhuny ýaňadandan janlandyrmagyň simwoly hökmünde häsýetlendiren Prezident Erdogan: "19-njy maý türk milletiniň imperialist güýçlere garşy jebislik we agzybirlik içinde, zuluma boýun bolmajakdygyny aýdyp, taryhda ýazylan iň uly gahrymançylyk dessanlarynyň birini ýazmaga başlan gündir" diýip belledi. 

Ata-babalarymyzyň garaşsyzlygy we geljegi ugrunda görkezen gahrymançylyklary geljekki nesillere iň täsirli ýagdaýda ýetirmegiň esasy wezipeleriň hataryndadygyny aýdan Prezident Erdogan: "Şol düşünje bilen 1 asyr ozalky ruh bilen ata-babalarymyzdan alan mukaddesliklere eýe çykyp, ýurdumyzyň geljeginiň simwoly bolan Türkiye Asyryny gurýarys. Göreş bilen bagly tutanýerliligimizi, beýik we güýçli Türkiyäni gurmak tagallamyzy dowamly häsýetde diri saklamak üçin ýaşlarymyzy ähli ugurlar boýunça goldaýarys, olara her dürli mümkiçiligi hödürleýäris. Ýurdumyzyň demokratiýa we galkynyş başlangyçlaryny dizaýn edýärkäk we durmuşa geçirýärkäk esasan hem ýaşlarymyza ynam bildirýäris. Özlerine döreden mümkinçiliklerimizi iň gowy ýagdaýda ulanyp, bizde uly buýsanç döreden ýaşlarymyza buýsanýarys. Türkiye Asyry maksatnamamyzy amanat eden ýaşlarymyzyň, Respublikamyza güýçli ýagdaýda eýe çykmaklary, geljegimize ynam bilen garamagymyzy üpjün edýär. Şol pikirler bilen 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy bilen gutlaýaryn, Gazy Mustafa Kemal Atatürk başda bolmak bilen, Milli Azat edijilik söweşindäki ähli gahrymanlarymyzy hormat bilen hatyralaýaryn" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar