Çawuşogly Germaniýada žurnalistleriň göz tussaglygyna alynmagy barada beýannama berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Sabah gazediniň Frankfurtdaky býurosynyň wekilleriniň Germaniýanyň Polisiýa gullugy tarapyndan hiç hili sebäp bolmadan tussag edilmekleriniň üstünde durup geçdi

1988139
Çawuşogly Germaniýada žurnalistleriň göz tussaglygyna alynmagy barada beýannama berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ministrligiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiçiň düýn Germaniýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýurgen Şulsa Sabah gazediniň Frankfurt şäherindäki býurosynyň wekilleriniň Germaniýanyň polisiýa işgärleri tarapyndan sebäpsiz ýagdaýda göz tussaglygyna alynmagynyň kabul edilmesizidigini habar berdi. 

Türkiyäniň hem Berlin şäherindäki ilçihanasynyň hem-de Frankfurt şäherindäki baş konsullygynyň mesele bilen bagly işe girişendigini aýdan mewlüt Çawuşogly: "Munyň hakykatdan hem düşündirip boljak tarapy ýok. Germaniýada bize metbugat azatlygy, söz azatlygy babatynda sapak bermäge synanyşýan Ýewropanyň edil ortasynda, Sabah gazedine garşy basyş hereketi geçirilýär. Egindeşlerimize garşy laýyk gelmeýän hereketler edilýär. Göz tussaglygyna aldylar" diýip habar berdi. 

Çawuşogly edilen başlangyçlaryň netijesinde ady agzalan metbugat işgärleriniň azat edilendigini ýatladyp, FETÖ-jileriň Ýewropadaky žurnalistlere päsgel bermäge synanyşýandygyny we Sabah gazediniň hem FETÖ-niň hem-de PKK-nyň hakyky ýüzüni çekinmän ýazýandygyny mälim etdi. 

Sabah gazediniň ýazýan maglumatlaryň nem nemes resmileriniň hem-de Ýewropa ýurtlarynyň örän gowy bilýändigini aýdan Çawuşogly: "Germaniýanyň şol FETÖ-jileriň şol türk žurnalistlere päsgel bermäge synaşnyşýanlara geçirimlilik edýändigi hem aýratyn bir geň waka, resmi taýdan ulanýarlar" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar