Çawuşoglu Gara Deňiz Galla Geçelgesiniň Möhlediniň 2 Aý Uzadylandygyna Ünsi Çekdi

"Jenap Lawrow Nikolaýew we Olwiýa portlaryndaky türk gämileriniň çykmagy üçin öz üstüne düşýän ähli jogapkärçiligini ýerine ýetirjekdigini aýtdy”

1988141
Çawuşoglu Gara Deňiz Galla Geçelgesiniň Möhlediniň 2 Aý Uzadylandygyna Ünsi Çekdi

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygy barada beren beýannamasynda “6 gämimiz Kerç bogazyndan geçip bilmedi. Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdim. Jenap Lawrow Nikolaýew we Olwiýa portlaryndaky türk gämileriniň çykmagy üçin öz üstüne düşýän ähli jogapkärçiligini ýerine ýetirjekdigini aýtdy”diýdi.

Ministr Çawuşoglu Antalýada beren beýannamasynda, Gara deňiz galla geçelgesiniň möhlediniň 2 aý uzadylandygyna ünsi çekdi.

Çawuşoglu “6 gämimiz çaknyşyklar we minalar sebäpli Kerç bogazyny geçip bilmedi. Düýn Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdim. Nikolaýew we Olwiýa portlaryndaky türk gämileriniň çykmagy üçin öz üstüne düşýän ähli jogapkärçiligi ýerine ýetirjekdigini aýtdy. Edil şonuň ýaly bu meselesinde dostumyz Ukrainadan hem goldawa garaşýarys” diýdi.



Degişli Habarlar