Halk Ýaranlygy Mejlisde Esasy Köplüge Eýe Boldy

14-nji maýda geçirlen saýlawyň resmi bolmadyk netijelerine görä, Halk ýýaranlygy TBMM-de esasy köplüge eýe boldy

1986758
Halk Ýaranlygy Mejlisde Esasy Köplüge Eýe Boldy

Halk ýaranlygy sesleriň 49,37 göterimini alyp, TBMM-de 321 halk deputaty bilen wekilçilik etmäge hukuk gazandy.

Adalat we ösüş partiýasy AKP 266, Milletçi hereket partiýasy MHP 50, Ýeniden Refah partiýasy ÝRP hem 5 halk deputaty bilen täze döwürde TBMM-de wwekilçilik eder.

Sesleriň 35,12 göterimini alan Millet ýaranlygy bolsa Mejlisde 213 halk deputaty bilen wekilçilik eder.

Respublikan halk partiýasy JHP 169, Gowy partiýa hem 44 halk deputaty bilen mejlisde wekilçilik etmäge hukuk gazandy.

Saýlawa JHP-nyň sanawy bilen giren Saadet partiýasy 10, Dewa partiýasy 13, Gelejek partiýasy 10, Demokrat partiýa hem  Mejlisde 3 kürsä eýe boldy

Ýaşyl çepçi partiýa ÝSP 61, Türkiýe işçi partiýasy TİP hem 4 halk deputaty bilen mejlisde wekilik eder.



Degişli Habarlar