Erdogan Eneleriň Halkara  Gününi Gutlady

Prezident R.T.Erdogan Eneleriň halkara güni mynasybetli sosial media hasabyndan habarnaça berdi.

1986212
Erdogan Eneleriň Halkara  Gününi Gutlady
Emine erdoğan.JPG
mustafa sentop.jpg
erdogan.jpg

Erdogan habarnamasynda; “Şehit eneleriniň başda durmagynda öwezsiz söýgüniň, mähir-muhabbadyň, merhemediň simwoly bolan ähli enelerimiziň Eneler gününi gutlaýaryn” diýdi.

Prezident Erodgan dünýeden öten eneler üçin bolsa alladan rehnet diledi.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop hem Eneler güni mynasybetli sosial media hasabyndan beren habarnamasynda; “Her bir çagany öz balasy kabul edip, şol duýgular bilen çemeleşýän mähirli ýüreklere minnetdarlygymy bildirýärin” diýip ýazdy.

Prezident R.T.Erdoganyň maşgasy Emine Erdogan hem sosial media hasawbyndan beren habarnamasynda eneleriň köňülleri şöhlelendirýän maýak, dogasy bilen goraýan, wyždany bilen ýagtyldýan, söýgüsi bilen bütin dünýä ýetýän beýiklikge eýedigini nygtady.

Emine Erdogan ejesini hormat bilen hatyralaýandygyny, şehitleriň enelerini we şol bir wagtda-da çaga hesretini çekýän ähli eneleri hormatlamak bilen ýatlaýandygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar