Daşary Işler Ministri Çawuşoglu Rus Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Iki kärdeş Siriýada, Ukrainada we Kawkazda başdan geçirilýän soňky wakalar bilen galla geçelgesi hakynda pikir alyşdy

1984883
Daşary Işler Ministri Çawuşoglu Rus Kärdeşi Bilen Duşuşdy

 

Siriýa temaly dörttaraplaýyn maslahata gatnaşmak üçin Russiýanyň paýtagty Moskwada giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, maslahatyň öňüsyrasynda rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşdy.

Ministr Çawuşoglu Twitterden beren habarnamasynda, Lawrow bilen bolan duşuşygynda Siriýada, Ukrainada we Kawkazda başdan geçirilýän soňky wakalar bilen galla geçelgesi hakynda pikir alyşandyklaryny nygtady.

Beýleki tarapdan, Türkiýäniň, Russiýanyň, Eýranyň we Siriýanyň hökümetiniň Daşary işler ministriniň gatnaşmagynda geçirilýän Siriýa temaly dörttaraplaýyn maslahatda, özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, syýasy etap, terrora garşy göreş we siriýaly bosgunlaryň meýletin ýagdaýda ýurtlaryna dolanmaklary ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar