Akar: "Edilen her bir ädim Türkiyäniň güýjüni alamatlandyrýar" diýdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar: "Goranmak we howpsuzlyk ugrundaky her bir ädim, halkara bazarda möhüm aktýor ýagdaýyna gelen Türkiyäniň güýjüni alamatlandyrýar" diýip habar berdi

1981874
Akar: "Edilen her bir ädim Türkiyäniň güýjüni alamatlandyrýar" diýdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Kaýseridäki 12-nji Howa transportynyň esasy baza serkerdeligindäki: "Güýçlendirilen 4-nji A400M uçarynyň Türkiyäniň Harby-howa güýçlerine gowşurylyş dabarasynda"  güýçlendirilme ylalaşygyna 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda gol çekilendigini ýatlatdy. 

Ylalaşygyň çäginde güýçlendirilme işleri tamam bolan 3 uçaryň Harby-howa güýçleri serkerdeligine gowşurylandygyny aýdan Hulusi Akar, şu gün güýçlendirilme işleri tamamlanan 4-nji uçaryň hem gowşurylyp alynandygyny mälim etdi. 

Ýardam işlerinde, ewakuasiýa operasiýalarynda, harby hereketlerde, harbylary we ýükleri daşamak ýaly giň gerimli işlerde ulanylan A400M uçarlarynyň, soňky gezek 6-njy fewralda bolan ýer titremelerinde uly peýdasynyň bolandygyny görkezendigini aýdan Hulusi Akar: "Goranmak we howpsuzlyk ugrundaky her bir ädim, halkara bazarda möhüm aktýor ýagdaýyna gelen Türkiyäniň güýjüni alamatlandyrýar" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar