Energetika ministri Fatih Dönmez Gabar sebitindäki nebit ätiýajy barada beýannama berdi

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez Şyrnak welaýatynyň Gabar sebitindäki nebit ýataklarynda geçirilýän işlerden oňyn netijeler alynmaga başlanandygyny mälim etdi

1981452
Energetika ministri Fatih Dönmez Gabar sebitindäki nebit ätiýajy barada beýannama berdi

Eskişehir şäherinde metbugat işgärlerine beýannama beren Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, esasan hem soňky ýyllarda hem deňizde hem-de gury ýerde uglewodorod gözleg işlerine uly ähmiýet berendiklerini habar berdi. 

2022-nji ýylda Gara deňizde uly ätiýaç tapandyklaryny aýdan Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, gury ýerde bolsa Adana welaýatynyň Çukurowa etrabynda we Şyrnak welaýatynyň Gabar sebitinde nebit ätiýaçlarynyň tapylandygyny ýatlatdy. 

Takmynan 2 aý ozal Gabar sebitinde buraw işlerine başlandyklaryny aýdan Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez: "Buraw we guýy netijelendirmek işleri tamamlanyp barýar. Başlangyç synlar oňyn ýagdaýda" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar