Prezident Erdogan DAIŞ-iň liderini täsirsiz ýagdaýa getirendiklerini habar berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Milli Howpsuzlyk gullugynyň Ebu Hüseýin al-Kureýşi adyny ulanýan terror guramasy DAIŞ-iň liderini Siriýada täsirsiz ýagdaýa getirendigini habar berdi

1981273
Prezident Erdogan DAIŞ-iň liderini täsirsiz ýagdaýa getirendiklerini habar berdi
erdogan gazeteciler.jpg
erdogan.jpg

Prezident Erdogan käbir telewideniýäniň daşary ýurtlara ýaýlym berýän kanallarynyň umumy ýaýlymyna gatnaşyp, metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi we gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi. 

Prezident Erdogan Türkiyäniň howpsuzlygy üçin ýurduň öz çäginde we serhetaşa terrora garşy operasiýalar bilen terror guramalaryna zarba salynýandygyny, terrorçylaryň indi kellelerini galdyryp bilmeýändiklerini we terror guramalaryna demlerini dürsemäge mümkinçilik bermeýändiklerini mälim etdi. 

Türkiyäniň alyp barýan terrora garşy göreşiniň şol bir wagtda Ýewropanyň howpsuzlygynada goşant goşýandygyna ünsleri çeken Prezident Erdogan, NATO-nyň düzüminde terror guramalary DAIŞ, PKK/ÝPG, FETÖ bilen netije alyp bilýän, iň täsirli göreş alyp barýan ýeke täk ýurduň Türkiyedigini aýan etdi. 

Prezident Erdogan soňky ýyllarda PKK-nyň Yrakda we Siriýada iş alyp baran tapawutly derejedäki ençeme ýolbaşçysynyň Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigini, FETÖ-niň daşary ýurtlardaky käbir agzalarynyň hem Türkiyä getirilendigini beýan etdi. 

Milli Howpsuzlyk gullugynyň Ebu Hüseýin al-Kureýşi adyny ulanýan terror guramasy DAIŞ-iň liderini 29-njy aprelde Siriýada geçiren operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirendigini aýdan Prezident Erdogan: "Mundan soň hem terror guramalaryna tapawut goýmadan göreşimizi dowam etdireris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar