Mustafa Şentop Gazagystanly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Şentop bilen Koşanow, TBMM-niň we Gazagystanyň Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk teswirnamasyna gol çekişdi.

1980425
Mustafa Şentop Gazagystanly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Gazagystanyň Mejlisiniň başlygy Ýerlan Koşanow bilen duşuşdy.

Şentop, Türki Döwletleriň Parlamentarlar Assambleýasy TÜRKPA-nyň 12-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkiýä gelen Gazagystanyň Mejlisiniň başlygy Ýerlan Koşanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

Şentop bilen Koşanow, duşuşykdan soň TBMM-niň we Gazagystanyň Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk teswirnamasyna gol çekişdi.

Duşuşykda, Gazagystanda 19-njy martda parlament saýlawlarynyň üstünlikli ýagdaýda geçirilmegi mynasibetli Koşanowy gutlan Şentop, Gazagystanyň Mejlisi üçin täze döwüriň düşümli bolmagyny diledi.

Şentop, güýç merkezi Kahramanmardaş bolan ýer titremelerinden soň Gazagystanyň beren kömekleri üçin sagbolsun aýtdy.

Duşuşykda özara we sebitara gatnaşyklar hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Şentop, “Gazagystanyň durnuklylygy Türk dünýäsi üçin diýseň möhüm. Gazagystan, Türki döwletleriň guramasynyň esasy agzalaryndan biri” diýdi.

Gazagystanyň Mejlisiniň başlygy Ýerlan Koşanow hem Mejlisiň başlygy hökmünde saýlanandan soň ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä guraýandygyny we munyň simwoliki taýdan diýseň möhümdigini belledi.

Koşanow, Türkiýäniň, Russiýa-Ukraina söweşindäki töwellaçylyk rolynyň möhümdigini nygtady.



Degişli Habarlar