“Terrora Garşy Göreş Soňky Terrorçy Ýok Edilýänçä Dowam Eder”

Ministr Akar Kaýseride gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýannama berdi

1980220
“Terrora Garşy Göreş Soňky Terrorçy Ýok Edilýänçä Dowam Eder”

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, soňky terrorçy ýok edilýänçä terrora garşy egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigini aýtdy.

Ministr Akar Kaýseride gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beren beýannamasynda, terrora garşy göreş barada durup geçdi.

Käbir töwerekleriň terror guramasy PKK bilen ÝPG-ni tapawutly hökmünde görkezmäge çalyşýandygyny aýdan Akar “Bu asla kabul edilmesiz” diýdi

PKK bilen ÝPG-nyň şol bir guramadygyny nygtan Akar “Olar biziň howpsuzlygymyza wehim salýar. Biz hem olara garşy göreşimizi dowam etdirýäris. Soňky terrorçy ýok edilýänçä terrora garşy egilşiksiz göreşimiz dowam eder” diýdi.

Alnyp barylýan operasiýalar hakynda hem durup geçen Akar “Yragyň demirgazygyndaky operasiýalarymyz Mehmetjik tarapyndan üstünlikli ýagdaýda alnyp barylýar. Terrorçylaryň gowaklary, gaçybatalgalary we hinleri başlaryna ýykyldy we ýykylmaga dowam edýär. Siriýanyň demirgazygynda terrorçylar käbir töwerekleriň goldaw bermeginde terror koridoryny açmaga synanşdylar. Kimiň goldaw berýändigine garamazdan biz olary ýok etmekde egilşik etmeris” diýdi.

 



Degişli Habarlar