Akguýu Atom Elektrik Bekedi Üçin Taryhy Gün

Elektrik önümçiliginde ulanyljak “täze atom ýangyç” desga getirler.

1980181
Akguýu Atom Elektrik Bekedi Üçin Taryhy Gün

 

Akguýu Atom Elektrik Bekedi Üçin Taryhy Gün

Mersindäki Akguýu atom elektrik bekedi şu gün açylýar.

Elektrik önümçiliginde ulanyljak “täze atom ýangyç” desga getirler.

Şeýlelikde, Türkiýäniň jemi elektrik eksportynyň 10 göterimini” üpjün etjek desga, ýangyjyň ýüklenmegi bilen resmi taýdan atom elektrik bekedi statusyna eýe bolar.

Açylyş dabarasyndan soň önümçilik üçin synaglar başlar.

Desga doly mümkinçilikde açylandan soň ýylda ortaça 35 milliard kilowat sagat elektrik togyny öndürer.

Desga Türkiýäniň ykdsadyýetine 50 milliard dollar goşant goşar.

Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin desgasynyň açylyş dabarasyna wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşar.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 2010-njy ýylyň 12-nji maýynda baglaşylan şertnamanyň çäginde 2018-nji ýylyň 3-nji aprelinde Mersinde Akguýu atom elektrik bekediniň birinji böleginiň gurluşygyna badalga berlipdi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar