Prezident Erdogan,Täze Altaý Tankynyň Gowşurlyş Dabarasynda Çykyş Etdi

Erdogan, synaglary tamamlanandan soň Altaý tanklarynyň önümçiligine başlajakdyklaryny aýtdy.

1978421
Prezident Erdogan,Täze Altaý Tankynyň Gowşurlyş Dabarasynda Çykyş Etdi
altay tank.jpg

1.

Prezident R. T. Erdogan, harby goşun tarapyndan synaglary tamamlanandan soň Altaý tanklarynyň önümçiligine başlajakdyklaryny aýtdy.

Prezident Erdogan, Sakarýada Täze Altaý tankynyň gowşurlyş dabarasynda çykyş etdi.

Senagat pudagy boýunça doly garaşsyz bolmagy maksat edinýändiklerine ünsi çeken Erdogan, goranyş taslamalary üçin jemi 75 milliard dollarlyk bujetiň bölünip berlendigini beýan etdi.

Erdogan howpsuzlyk güýçleriniň peýdalanýan gury ýer ulagy boýunça zerurlyklaryny ýerli we milli şertlerde kanagatlandyrmak üçin uzak ýyllaryň dowamynda irginsiz tagalla edendiklerini ýatlatdy.

Taktiki tekerli sowutlylardan, minadan goragly ulaglara çenli ençeme ulagyň önümçiligini üstünlik bilen iş ýüzüne geçirendiklerini nygtan Erdogan; “Şol sanda “Fyrtyna” gaubisalaryndan dürli görnüşdäki kalibrde ýaraglary we söweşjeň ulaglary hem harby goşunymyzyň ulanmagyna berdik. İnwentardaky tanklary we sowutly söweşjeň ulaglarymyzyň täze tehnologiýalar bilen döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etdik” diýdi.

Erdogan, Türkiýäniň goranyş senagatynyň önümleriniň eneçeme ýurduň harby goşunlary tarapyndan peýdalanylýan üpjün ediji ýurda öwrülendigini beýan etdi.

“Prezident Erdogan; “Altaý” tankymyzyň bu sebitde ýaragly güýçlerimiz üçin iňňän möhüm güýç boljakdygyna ynaýaryn” diýdi.

 



Degişli Habarlar