Mustafa Şentop Ukrainaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

“Biz Türkiýe hökmünde Ukrainanyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlygyna we bitewiligine güýçli goldaw berýäris"

1978829
Mustafa Şentop Ukrainaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

 

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Russiýa-Ukraina söweşiniň has köp adam pidasyna we uly ýykylşyga sebäp bolmazdan parahatçylykly ýagdaýda bes edilmegini arzuw edýändiklerini nygtady.

ÝB-niň Parlament başlyklarynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Çeh Respublikasynyň paýtagty Praga giden Mustafa Şentop, iş saparynyň çäginde Ukrainanyň Mejlisiniň başlygy Ruslan Stefançuk bilen duşuşdy.

Şentop, metbugata ýapyk häsiýetinde geçen duşuşykda “Biz Türkiýe hökmünde Ukrainanyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlygyna we bitewiligine güýçli goldaw berýäris”diýdi.

Mustafa Şentop, Türkiýäniň söweşiň başyndan bäri halkara hukugyna laýyklykda meseläniň diplomatiýa arkaly çözülmegi üçin tagalla edýändigini ýatlatdy.

Türkiýäniň parahatçylyk tagallalaryny dowam etdirjekdigine ünsi çeken Şentop, ukrainaly kärdeşini maý aýynyň 4-5-i aralygynda paýtagt Ankarada geçiriljek Gara deňiz Ykdyady hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlamentarlar Assambieýasynyň maslahatyna çagyrdy.

Ukrainanyň Mejlisiniň başlygy Ruslan Stefançuk hem Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenkiýniň parahatçylyk teklibine goldaw berýändigi üçin Türkiýä sagbolsun aýtdy.

Stefançuk, 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleri zerarly gynanç bildirdi.

TBMM-niň Başlygy Şentop bolsa, Ukraina ýer titremelerinden soň beren kömekleri üçin sagbolun aýtdy.

 

 



Degişli Habarlar