Mewlüt Çawuşoglu Bilen Ýens Stoltenberg Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Çawuşoglu bilen Stoltenberg, NATO-nyň giňelmek etaby hakynda pikir alyşdy.

1978692
Mewlüt Çawuşoglu Bilen Ýens Stoltenberg Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Çawuşoglu bilen Stoltenberg telefon söhbetdeşliginde Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar, Litwanyň paýtagty Wilniusda iýul aýynda geçiriljek NATO-nyň liderler maslahaty üçin görülýän taýarlyklar we NATO-nyň giňelmek etaby hakynda pikir alyşdy.



Degişli Habarlar