Mewlüt Çawuşoglu Baýdene Reaksiýa Görkezdi

Çawuşoglu, Jo Baýdeniň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar hakyndaky beýannatyna reaksiýa görkezdi.

1978761
Mewlüt Çawuşoglu Baýdene Reaksiýa Görkezdi

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar hakyndaky beýannatyna reaksiýa görkezdi.

Mewlüt Çawuşoglu, sosial mediadan beren habarnamasynda: “Taryhy ýoýmaga synanşýan syýasatçylar ýene-de sahnada! Syýasy beýanatlar bilen taryh ýaňadandan ýazylmaz. Bu meselede tutanýerli tutum alyp barýanlar ikiýüzli çemeleşmeleri bilen ýatda galarlar. Beýik türk halkyna hiç kim taryhdan ders bermez” diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar hakynda ermeniler tarapyndan öňe sürülýän garaýyşlar barada beren ýazmaça beýanamasynda “genosid” sözüni ulanypdy.



Degişli Habarlar