“2015-nji Ýylyň 24-nji Iýulyndan Bäri Jemi 37 Müň 756 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi”

“Terror guramasynyň hataryndan gaçýanlaryň sany köpelýär. Terrorçylar güýçden gaçýar. Enşalla dolulygyna ortadan aýrylar"

1977391
“2015-nji Ýylyň 24-nji Iýulyndan Bäri Jemi 37 Müň 756 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi”

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Mehmetjigiň soňky 3 günde Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda 18 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirendigini aýtdy.

Akar, Kaýserinde beren beýannamasynda, Türk ýaragly güýçleriniň, Respublika taryhynyň iň uly operasiýasyny geçirendigini nygtap, “Terror guramasynyň hataryndan gaçýanlaryň sany köpelýär. Terrorçylar güýçden gaçýar. Enşalla dolulygyna ortadan aýrylar” diýdi.

“Mehmetjgiň serhetleriň, raýatyň goralmagy üçin öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmäge dowam edýändigini aýdan Akar, “Olara kimiň goldaw berýändigine, olara kimiň ýarag, harby emjam we dik uçar berýändigine garamazdan soňky terrorçy ýok edilýänçä terrora garşy egilşiksiz göreşimiz dowam eder. Mehmetjik soňky 3 günde Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda 18 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi”diýip belledi.

Ministr Akar, Mehmetjigiň terrorçylar tarapyndan “girilmegi mümkin däl” diýilýän ýerlere hem girendigini, terror öýjüklerini derbi dagyn edendigini nygtap, “2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri jemi 37 müň 756 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýdi.



Degişli Habarlar