Türkiýäniň ilatynyň 26,5 göterimi çagalardan ybarat

Türkiyäniň geçen ýylyň ahyrynda 22 million 578 müň 378 hökmünde kesgitlenen çaga ilaty, ýurduň jemi ilatynyň 26,5 göterimini emele getirdi

1976541
Türkiýäniň ilatynyň 26,5 göterimi çagalardan ybarat

Türkiyäniň Statistika guramasy, 2022-nji ýylyň çaga statistikasyny beýan etdi. 

Öý salgysy esasly ilaty hasaba alyş ulgamynyň berýän maglumatyna görä, 2022-nji ýylyň ahyrynda Türkiyäniň ilaty 85 million 279 müň 553 adam bolan bolsa, onuň 22 million 578 müň 378-i çagalardan ybarat. 

Çaga ilatynyň 51,3 göterimi erkek çagalardan, 48,7 göterimi bolsa gyz çagalardan ybarat. 

Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurduň çaga ilatynyň görkezijileri gözden geçirilende, 2022-nji ýylda ÝB-niň çaga ilatynyň ortaça görkezijisi 18,1 göterim boldy.  

ÝB-ne agza ýurtlaryň arasynda iň köp çaga ilatyna eýe bolan ýurtlaryň hatarynda 23,6 göterim bilen Irlandiýa 1-nji orunda, 21,3 göterim bilen Fransiýa 2-nji orunda, 21 göterim bilen Şwesiýa 3-nji orunda durýar. 

Çaga ilatynyň iň az bolan ýurtlar bolsa 15,6 göterim bilen Italiýa, 15,8 göterim bilen Portugaliýa we 15,9 göterim bilen Malta boldy. 

Türkiyäniň çaga ilatynyň görkezijileriniň 26,5 göterim bilen ÝB-ne agza ýurtlardan has ýokarydygy görüldi. 


Etiketkalar: #görkeziji , #ilat , #çaga , #Türkiye

Degişli Habarlar