Hulusi Akar, Oleksandr Kubrakow Bilen Kaýseride Duşuşdy

Duşuşykda galla geçelgesi ylalaşygy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

1976788
Hulusi Akar, Oleksandr Kubrakow Bilen Kaýseride Duşuşdy

 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar bilen Ukrainanyň İnfrastruktura ministri Oleksandr Kubrakow düýn Kaýserinde duşuşdy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, duşuşykda Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda gazanylan we halkara galla krizisini çözülmegine uly goşant goşan galla geçelgesi ylalaşygy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda, galla geçelgesi ylalaşygy netijesinde şu günki güne çenli 903 gämi bilen 28,3 million tonna gallanyň dünýä bazarlaryna ýetirlendigi bellenildi we ylalaşygyň yzygiderli dowam etdirilmegi üçin degişli çäreleriň görülmeli meselesi giňişleýin seljerildi.

Ministr Akar duşuşykda, has köp adam pidasynyň çekilmezligi, sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň ýaňadandan üpjün edilmegi üçin hüjümleriň gyssagly bes edilmeginiň möhümdigini belledi.

Türkiýäniň sebitiň parahatçylygy we ynsanperwer kömek meselesinde şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmäge dowam etjekdigi nygtaldy.



Degişli Habarlar