Abdulmajid Tabbun Erdogan Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

Alžiriň Prezidenti Abdulmajid Tabbunuň Prezident R.T.Erdogan bilen Sudandaky wakalar hakynda pikir alyşdy.

1976769
Abdulmajid Tabbun Erdogan Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

Alžiriň Prezidentiniň Diwanyndan berilen beýannamada, Prezident Tabbun bilen Prezident Erdoganyň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi habar berildi.

Beýannamada; “Prezidentler doganlyk ýurt Sydandaky howply we gynandyryjy wakalar hakynda pikir alyşdylar. Telefon söhbetdeşliginde meseläniň syýasy taýdan gözegçilik astyna alynmagy we mübärek Oraz aýynda doganlaryň arasyndaky çaknyşygyň bes edilmegi üçin çözgüt tapmagyň ýollary seljerildi we dialogyň ähmiýeti nygtaldy” diýilýär.

Tabbun bilen Erdoganyň iki ýurduň gatnaşyklary we şol gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan şertler hakynda-da pikir alyşandyklary, liderleriň Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlandyklary habar berildi.

Alžir döwleti, Arap Bileleşiginiň döwleti ýolbaşçysy hökmünde Sudanda harby goşun bilen partizan güýçleriň arasynda başlan çaknyşyklaryň bes edilmegi we düşnüşmezlikleriň dialog arkaly çözülmegi üçin çagyryş edipdi.

 



Degişli Habarlar