Türkiye Sudandaky türk raýatlaryna çagyryş berdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginiň sosial media hasaplaryndan berilen beýanatda, Sudandaky ýagdaýyň ýakyndan gözegçilik edilýändigi habar berildi

1975721
Türkiye Sudandaky türk raýatlaryna çagyryş berdi

Türkiye Sudanda ýaşaýan türk raýatlaryna ýapyk ýerlerde galmaga dowam etmekleri, gyssagly ýagdaýlarda Türkiyäniň Hartum şäherindäki ilçihanasyna we Daşary işler ministrliginiň Konsullyk bölümine jaň etmekleri barada çagyryş berdi. 

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginiň sosial media hasaplaryndan berilen beýanatda, Sudandaky ýagdaýyň ýakyndan gözegçilik edilýändigi habar berildi. 

Sudanyň howa giňişliginiň häzirki wagtda ýapykdygy bellenen beýanatda: "Ýurt derejesindäki howpsuzlyk ýagdaýy hem şol syýahat üçin häzirki tapgyrda amatly däldir. Raýatlarymyzyň ýapyk ýerlerde galmaga dowam etmekleri peýdaly bolar" diýip mälim edildi. 

Beýanatda Sudandaky türk raýatlaryň gyssagly ýagdaýlarda "+249 90 094 27 38" belgili telefon bilen Türkiýäniň Hartum şäherindäki ilçihanasyna ýa-da "+90 312 292 29 29" belgili telefon bilen Daşary işler ministrliginiň Konsullyk bölümine jaň edip biljekdikleri habar berildi. 

Sudanyň paýtagty Hartum şäherinde we beýeki şäherlerde Sudanyň goşuny bilen Ýörite maksatly harby güýçleriň (HDK) arasynda çaknyşyklar başlapdy. 

 


Etiketkalar: #çagyryş , #raýat , #Sudan , #Türkiye

Degişli Habarlar