Mewlüt Çawuşoglu Çilili we Serbiýaly Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Çawuşoglu, Alberto Ban Klaweren Strok we Iwisa Daçiç bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1972773
Mewlüt Çawuşoglu Çilili we Serbiýaly Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Çiliniň Daşary işler ministri Alberto Ban Klaweren Strok we Serbiýanyň Daşary işler ministri Iwisa Daçiç bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna görä, Mewlüt Çawuşoglu, Çiliniň täze Daşary işler ministri Strok bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi we kärdeşigini täze wezipesi bilen gutlady.

Mewlüt Çawuşoglu, serbiýaly kärdeşi Daçiç bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde bolsa özara gatnaşyklar we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.



Degişli Habarlar