Prezident Erdogan soňky hepdelerde durmuşa geçirilen taslamalar barada maglumat berdi

Prezident Erdogan diňe soňky birnäçe hepdede milletiň buýsanç çeşmesine öwrüljek ençeme eseri, özgertmäni we maýa goýumlary durmuşa geçirendiklerini habar berdi

1972141
Prezident Erdogan soňky hepdelerde durmuşa geçirilen taslamalar barada maglumat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan soňky hepdelerde durmuşa geçirilen taslamalar barada sosial media hasabyndan maglumat berdi. 

Erdogan: "Diňe soňky birnäçe hepdede milletiň buýsanç çeşmesine öwrüljek ençeme eseri, özgertmäni we maýa goýumlary durmuşa geçirdik. Durmarys ýolumyzy dowam etdireris diýip raýatlarymyz üçin zähmet çekmäge dowam edýäris" diýip mälim etdi. 

Prezident Erdogan: "Stambul şäheriniň Bagjylar etrabynda 3 milliard 412 million liralyk 97 taslamany durmuşa geçirdik. Milli söweşjeň uçar bilen Hürjet uçaryny angardan çykardyk. Stambul şäherinde Başakşehir Çam we Sakura Şäher hassahanasy-Kaýaşehir metro liniýasyny açdyk. Uçarmansyz harby uçarymyz Gyzylalmanyň belentlik synaglaryny geçirdik. Hormatly dynç alyş üçin ýaşynyň dolmagyna garaşýan 2 million 250 müň adamyň islegini kanagatlandyrdyk. Balykesir welaýatynyň Bandyrma etrabynda Bor karbid önümçilik desgasyny açdyk. Iň pes pensiýa töleglerini 7 müň 500 lira, baýramçylyk töleglerini 2 müň lira ýetirdik. 60 ýyllyk arzuw-hyýal bolan TOGG ulagyny öndürmäge başladyk. Türkiyäni Pars aýlagy sebiti bilen birleşdirjek Galkynyş Ýolunyň gurluşygyna Yragyň Premýer ministri bilen badalga berdik. Ýertitremäniň başdan geçirilen sebite saparlar guradyk, şu günki güne çenli 78 müň ýaşaýyş we oba jaýlarynyň gurluşyk tapgyryny başlatdyk" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar