Hulusi Akar: "Döwlet we millet hökmünde bu apatyň hötdesinden geleris" diýdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar 6-njy fewralda başdan geçirilen ýertitremelerden soň, döwletiň raýatlarynyň ýanynda bolandygyny, milletiň hem döwletiň ýanynda durandygyny habar berdi

1971408
Hulusi Akar: "Döwlet we millet hökmünde bu apatyň hötdesinden geleris" diýdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar düýn paýtagt Ankara şäherinde beren beýanatynda, Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň ýertitremäniň ilkinji minutlaryndan başlap, milletiň ýanynda bolandygyny, goldaw berendigini mälim etdi. 

Taryhyň dowamynda ençeme kynçylygyň başdan geçirilendigini aýdan Hulusi Akar: "Şol kynçylyklaryň hötdesinden üstünlik bilen geldik. Döwlet we millet el-ele, bir ýumruk, bir ýürek, jebis we agzybir bolup şol apatyň hötdesinden geleris, olardan geçeris" diýip aýan etdi. 

Ýertitremeden soň edilen işler bilen birlikde türk esgerleriň serhediň howpsuzlygy bilen Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda terrora garşy göreşini dowam etdirendigini aýdan Hulusi Akar, şolar bilen bir hatarda hukuklaryň, gyzyklanmalarynyň we bähbitleriniň goralmagy bilen gury ýer, howa we deňizlerdäki göreşini dowam etdirendigini beýan etdi. 


Etiketkalar: #millet , #döwlet , #Hulusi Akar

Degişli Habarlar