Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Finlýandiýanyň Daşary işler ministri Pekka Haawistony ýurdunyň NATO agzalyk tapgyrynyň tamamlanmagy mynasybetli gutlady

1969915
Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady

NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherine baran Mewlüt Çawuşogly, ilkinji ikiçäk duşuşygyny finlýandiýaly kärdeşi Pekka Haawisto bilen geçirdi. 

Mewlüt Çawuşogly Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Brusseldäki ilkinji ikiçäk duşuşygymyzda täze ýaranymyz Finlýandiýanyň Daşary işler ministri Pekka Haawistony NATO agzalyk tapgyrynyň tamamlanmagy mynasybetli gutladyk" diýip belledi. 

Finlýandiýanyň agzalygy mynasybetli NATO ştabynda düýn geçirilen dabarada Finlýandiýanyň baýdagy ştabyň girelgesinde ýerleşýän ýaran ýurtlaryň baýdaklarynyň arasynda ýerleşdirildi. Şeýlelik bilen Finlýandiýa NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň geçirilen gününde guramanyň 31-nji agzasy hökmünde gatnaşdy we mundan soň NATO-nyň ähli harby, raýat gurluşlarynyň düzümine goşular. 



Degişli Habarlar