Akar Türkiyäniň serhedinde bikanun geçişleriň bardygy baradaky aýyplamalaryň nädogrydygyny belledi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Türkiyäniň serhedinden bikanun geçişleriň bardygy baradaky aýyplamalaryň hakykata bap gelmeýndigini habar berdi

1969032
Akar Türkiyäniň serhedinde bikanun geçişleriň bardygy baradaky aýyplamalaryň nädogrydygyny belledi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar 6-njy fewralda başdan geçirilen we güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýertitremäniň täsir ýetiren ýerleriniň biri bolan Hataý welaýatyndaky işlerini dowam etdirýär. 

Hataý welaýatynyň Kyrykhan etrabynda ýertitremede ejir çeken adamlar bilen duşuşyk geçiren Hulusi Akar, türk esgerleriň ýertitremäniň täsirine garşy göreş alyp barmak bilen birlikde, serhediň howpsuzlygyny we terrora garşy göreşini kemçiliksiz we doly ýerine ýetirmäge dowam edýändigini mälim etdi. 

Serhet howpsuzlygy bilen bagly görülen çäreleriň üstünde durup geçen Hulusi Akar: "Esgerlerimiz iň döwrebap tehnologiýalary ulanyp, serhetlerden bikanun geçişlere asla rugsat bermeýär" diýip belledi. 

Ministr Hulusi Akar soňky wagtlarda sosial mediada orta atylan we serhetlerde alynandygy öňe sürülen materiallaryň üstünde durup geçip: "Beýleki ýurtlarda we tapawutly wagtlarda alynan suratlary we wideolary ulanmak bilen käbir teswirnamalar berilýär, syýasy garaýyş beýan edilýär. Bular çürt-kesik ýalňyşdyr, dogry däldir. Esgerlerimiz hepdäniň 7 güni, günüň 24 sagady iň döwrebap tehnologiýalary ulanyp serhetlerimiziň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin erjellik, tutanýerlilik we pidakärlik bilen işlerini dowam etdirýär. Esgerlerimiz hiç bir ýagdaýda serhetlerimizden bikanun geçişlere asla rugsat bermedi we geçirimlilik etmeýär" diýip mälim etdi. 

6-njy fewralda başdan geçirilen ýertitremelerden soň Türkiyä bosgunlaryň köpçülikleýin häsýetde gelýändigi bilen bagly habarlaryň öňe sürülendigini aýdan Hulusi Akar, şol öňe sürmeleriň çürt-kesik dogry däldigini we ýalan ýalňyşdygyny beýan etdi. 


Etiketkalar: #Hataý , #serhet , #bosgun , #Hulusi Akar

Degişli Habarlar