Prezident Erdogan Elazyg welaýatynda saparda bolýar
Prezident Erdogan: "Ýertitremeler binalarymyzy ýumuryp biler, janymyzy alyp biler, emma hiç bir zat bizden ynanjymyzy alyp bilmez, Türkiyäniň Asyrynyň gurluşygy bilen bagly tuanýerliligimize päsgel berip bilmez" diýip belledi
Prezident Rejep Taýýip Erdogan Elazyg welaýatynda Elazyg Apata çydamly jaýlaryň düýbüni tutmak we jemgyýetçilik ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny eýelerine gowşurmak dabarasynda eden çykyşynda, şähere soňky 20 ýylda 79 milliard dollarlyk maýanyň goýulandygyny nygtap: "Şäher hassahanamyzdan bölünen ýollara, suw howdanlaryndan tebigy gaza çenli ähli ugurlar boýunça Elazyg welaýatyna taryhynda ozal görülip-eşidilmedik derejede hyzmatlar berdik" diýip habar berdi.
Prezident Erdogan: "Ýertitremeler binalarymyzy ýumuryp biler, janymyzy alyp biler. Ykdysady kynçylyklar ýüklerimizi artdyryp biler. Emma hiç bir zat bizden ynanjymyzy, erjelligimizi, umydymyzy alyp bilmez, Türkiyäniň Asyrynyň gurluşygy bilen bagly tuanýerliligimize päsgel berip bilmez" diýip mälim etdi.
Degişli Habarlar
Atatürki Hatyralama, Ýaşlar we Sport Baýramy Nýu-Ýorkda Bellenilip Geçildi
Çärede şehitler üçin hormatly dymyşlyk edildi we döwlet senagasy ýerine ýetirildi.