Türkiýe Kosowa bilen Serbiýanyň Gatnaşyklarynyň Kadalaşmagyna Degişli Goşandy Goşýar

Daşary işler ministrligi Kosowa bilen Serbiýanyň gatnaşyklary hakynda beýannam çap etdi.

1961978
Türkiýe Kosowa bilen Serbiýanyň Gatnaşyklarynyň Kadalaşmagyna Degişli Goşandy Goşýar

Türkiýe Kosowa bilen Serbiýanyň Gatnaşyklarynyň kadalaşmagy hakyndaky ylalaşygyň iş ýüzüne geçirilmegi boýunça düşünişmek baradaky ähtnamanyň kabul edilmegine kanagatlanma bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada gelejekki tapgyrda taraplaryň adybir ylalaşygyň hökümlerini gyşarnyksyz berjaý edip, anyk netije almagyna garaşylýandygy nygtalýar.

Beýannamada Kosowa bilen Serbiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin ÝB-niň meýilnamasyna laýyklykda 27-nji fewralda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde ylalaşyk gazanylmagyndan soň iki ýurduň liderlerinin 18-nji martda Demirgazyk Makedoniýanyň Ohrid şäherinde ylalaşygyň iş ýüzüne geçirilmegi hakyndaky goşundysy boýunça ylalaşmagynyň kanagatlandyryjydygy bellenilýär.

Beýannamada; “Ýurdumyz elektrik togunyň halka ýetirilmegi meselesiniň başda durmagynda bu tapgyra goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz R.T.Erdogan soňky gezek hem Serbiýanyň Prezidenti Wujij hem-de Kosowanyň Premýer-ministri Kurti bilen özara duşuşyklar geçirdi. Türkiýe Kosowa bilen Serbiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadaaşmagy ugrundaky ähli başlangyçlary goldamaga dowam eder” diýilýär.

 

 



Degişli Habarlar