Mirziýoýew Oktaýy Dostluk Nyşany Ordeni Bilen Sylaglady

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýy “Dostluk nyşany” ordeni bilen sylaglady.

1960714
Mirziýoýew Oktaýy Dostluk Nyşany Ordeni Bilen Sylaglady

Türki döwletleriň guramasynyň nobatdan daşary sammitinden öň Prezident R.T.Erdogan bilen Mirziýoýewiň geçiren duşuşygynda, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýa Türkiýe bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşantlary üçin geçen ýylyň sentýabr aýynda mynasyp görülen Dostluk nyşany ordeni gowşuryldy.

Oktaýa Dostluk nyşanynyň gowşurylmagy hakynda Mirziýoýew tarapyndan gol çekilen perman hem okaldy.

Permanda; “Syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, maýa goýum, bilim, ylym we medeni-gumanitar ugurlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça uly goşantlary, halklarymyzyň arasyndaky dostluk hem-de arkalaşyk duýgusyny güýçlendirmäge, uzak möhletli we giň gerimli gatnaşyklary täze sepgitlere götermek ugrundaky netijeli işleri üçin Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary Fuat Oktaý Dostluk nyşany ordeni bilen sylaglanmaly. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew” diýilýär.

Mirziýoýew soň Prezident Erdoganyň we wekiliýetleriň el çalpyrmaşmalary bilen Oktaýa Dostluk nyşany ordenini gowşurdy.

Özbegistanyň Prezidentine sagbolsun aýdan Oktaý, ordeni almagyň özüni buýsandyrýandygyny aýtdy.

 



Degişli Habarlar