Kalyn Senatorlar Bilen Duşuşdy

Prezidentiň Diwanynyň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn ABŞ-nyň Waşington şäherine guran saparynyň soňky gününde Kongressde käbir senatorlar bilen duşuşdy.

1960477
Kalyn Senatorlar Bilen Duşuşdy

Duşuşyklarda Türkiýe-Amerika gatnaşykalarynyň strategik ähmiýeti hakynda durlup geçildi.

Ibrahim Kalyn saparynyň çäginde Amerikanyň Kongressinde Demokrat we Respublikaçy partiýalaryň senatorlary bilen duşuşdy.

Ilçi Kalyn geçen iýul aýynda Stambulda özi bilen duşuşan Adalat komitetiniň baýry agzasy, senatör Lindseý Graham bilen Kongressdäki ofisinde duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýany bilen Türkiýedäki ýer titremelerden soň dikeldiş tapgyry, goranyş senagatyndaky hyzmatdaşlygyň öňündäki bökdençlikleriň aýrylmagy hakynda pikir alyşyldy.



Degişli Habarlar