Saýlaw senenamasy çap edildi

14-nji maýda geçiriljek Prezident we 28-nji döwür parlamentiň agzalaryny saýlamak bilen bagly senenama Resmi Gazetde çap edildi

1959188
Saýlaw senenamasy çap edildi

Saýlawa birleşik hökmünde gatnaşjak partiýalar 18-24-nji mart aralygynda Ýokary Saýlaw Geňeşine protokollaryny gowşurarlar. 

Syýasy partiýalar özleriniň Prezident dalaşgärleri üçin 23-nji mart penşenbe güni Türkiyäniň wagty bilen sagat 17:00-a çenli ýüz tutup bilerler. 

Prezident saýlawyna gatnaşjak dalaşgärleriň anyk sanawy 31-nji martda Resmi Gazetde çap ediler. 

Saýlawa gatnaşjak syýasy partiýalaryň, deputat sanawlaryny iň giýç 9-njy aprel ýekşenbe güni Türkiyäniň wagty bilen sagat 17:00-a çenli Ýokary Saýlaw Geňeşine gowşurmalydyrlar.

Daşary ýurtlarda we gümrük geçelgelerinde ses bermek işleri bolsa 27-nji aprelde başlap 9-nji maýda tamam bolar. 

Prezident we deputat saýlawlary 2023-nji ýylyň 14-nji maýynda ýekşenbe güni, Prezident saýlawy 2-nji tapgyra galan halatynda 2023-nji ýylyň 28-nji maýynda ýekşenbe güni geçiriler. 



Degişli Habarlar