Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Eren Gabaw güýz-gyş-22 şehit GK Abdullatif Emen operasiýasynyň çäginde Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1958490
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiyäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: "Diýarbakyryň sebitleýin Žandarma serkerdeliginiň koordinasiýasynda we Mardiniň welaýat Žandarma serkerdeliginiň guramaçylygynda 2023-nji ýylyň 11-nji martynda başladylan Eren Gabaw güýz-gyş-22 şehit GK Abdullatif Emen operasiýasynyň çäginde Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynyň Ömerýan-Bagok diýilýän ýerinde gözleg we saplaýyş işleriniň geçirilýän mahaly, PKK/KJK terror guramasyna agza terrorçylar bilen 2023-nji ýylyň 12-nji martynda başdan geçirilen ýaragly çaknyşykda 3 terrorçy ellerindäki ýaraglar bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirildi. Sebitde Žandarma güýçleriniň komandos toparlary tarapyndan gözleg we saplaýyş işleri geçirilmäge dowam edilýär. Terrora garşy göreş operasiýalary sebitdäki halkymyzyň goldawy bilen tutanýerlilik we erjellik bilen dowam etdirilýär" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar