Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 46 Müň 104 Adama Ýetdi

Erdogan, Türkiýe Respublikasynyň taryhynyň iň uly ýykylşygyna we adam pidasyna sebäp bolan ýer titremeler zerarly halka gynanç bildirdi.

1955755
Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 46 Müň 104 Adama Ýetdi

Prezident R. T. Erdogan, 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda we 11 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan ýer titremelerinde 46 müň 104 adamyň ýogalandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýannamasynda, Türkiýe Respublikasynyň taryhynyň iň uly ýykylşygyna we adam pidasyna sebäp bolan ýer titremeler zerarly halka gynanç bildirdi.

Erdogan “Ýer titremelerinde ýogalan 46 müň 104 raýatymyza Alladan rehnet, hosarlaryna sabyr dileýäris we gynanç bildirýäris” diýdi.

Ýer titremeleriniň yzy ýanyndan döwet we millet hökmünde ähli mümkinçilikleri bilen işe girişendiklerini aýdan Erdogan, konteýner şäherleriniň gurulmaga başlanandygyny, 2 aýa çenli 100 müň konteýneriň guruljakdygyny we ýer titremeleri sebäpli ejir çeken ýarym million adamyň has gowy şertlerde şol ýerlerde ýaşamagyny maksat edinýändiklerini aýtdy.

Erdogan, ýer titremeleriniň başdan geçirlen sebitinde 405 müňi şäherde we 83 müňi obadalarda bolmak bilen jemi 488 müň ýaşaýyş jaýynyň guruljakdygyny we raýatlara gowşuryljakdygyny ýatlatdy.

Saýlawlaryň 14-nji maýda geçiriljekdigini aýdan Erdogan, saýlaw etabynda hem ýer titremeleri meselesiniň gün tertibinde esasy orun eýelejekdigini belledi.

Erdogan, 10-njy martda anna güni kabul ediljek saýlaw kararynyň ertesi gün Resmi gazetde çap edilmegi bilen saýlaw etabyny başlatjakdylaryna ünsi çekdi.

 

 

 



Degişli Habarlar