Ýer titremelerden soň dünýäniň 90 ýurdundan gözleg we halas ediş topary Türkiyä geldi

Asyryň Betbagtçylygy hökmünde häsýetlendirilýän ýer titremelerde daşary ýurtly toparlar, ýüzlerçe adam harabalyklaryň aşagyndan diri ýagdaýda çykaryldy

1955588
Ýer titremelerden soň dünýäniň 90 ýurdundan gözleg we halas ediş topary Türkiyä geldi
deprem arama kurtarma.jpg
azerbaycan arama kurtarma.jpg
yabanci arama kurtarma.jpg
proteo kopek.jpg
yabanci arama kurtarma1.jpg

Güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan we ýurduň 11 welaýatyna täsir ýetiren 6-njy fewraldaky ýer titremelerden soň dünýäniň 90 ýurdundan gözleg we halas ediş topary Türkiyedäki gözleg we halas ediş işlerine goldaw berdi. 

Asyryň Betbagtçylygy hökmünde häsýetlendirilýän ýer titremelerde daşary ýurtly toparlar, ýüzlerçe adam harabalyklaryň aşagyndan diri ýagdaýda çykaryldy. 

Her tebigy apatda bolşy ýaly Türkiyä ilkinji bolup kömege gelen ýurt Azerbaýjan döwleti boldy. Azerbaýjanly toparlar jemi 899 işgäri bilen Kahramanmaraş welaýatynda gözleg we halas ediş işlerine goldaw berip, jemi 53 adamy diri ýagdaýda çykardy. 

Gözleg we halas ediş işlerine goldaw berýän 89 ýurduň topary ýurtlaryna gaýdyp giden bolsa, azerbaýjanly toparlardan 309 adam entegem Kahramanmaraş welaýatynda iş alyp barmaga dowam edýär. 

Daşary ýurtly gözleg we halas ediş toparlarynyň sebitdäki gözleg we halas ediş işlerinde başlaryndan geçiren emmosional pursatlar ýazga alyndy. 

Ýer titremede goldaw beren Gresiýadan gelen 67 adamdan ybarat gözleg we halas ediş topary Hataý welaýatynda iş alyp bardy. 

Grek toparynyň Hataý welaýatynyň Iskenderun etrabyndaky işleriniň netijesinde 50 ýaşyndaky kaka we 6 ýaşyndaky gyzy harabalyklaryň aşagyndan diri ýagdaýda çykarmaklaryndan soň, emmosional pursatlar kameralar tarapyndan bellige alyndy. 

Wengriýadan gelen gözleg we halas ediş topary hem Hataý welaýatynda 1,5 ýaşyndaky gyzy harabalyklaryň aşagyndan diri ýagdaýda çykardy. 

Wengriýanyň telewideniýe kanalyna beýannama beren gözleg we halas ediş toparynyň resmisi, kiçijek gyzy halas edýän pursatlaryny gürrüň berýän mahaly gözýaş dökdi we şol pursat bütin Türkiyäni duýgulandyrdy. 

Daşary ýurtly toparlaryň akyllarda galan ýene-de bir pursat bolsa, Germaniýanyň gözleg we halas ediş toparynyň agzasy Daniel Lankersiň harabalygyň aşagynda Zeýnep atly zenana seslenen pursat boldy. 

Harabalyklaryň aşagynda aragatnaşyk saklamak üçin türk we iňlis sözler ulanan Daniel Lankesriň Zeýnep hanyma: "Zeýnep hanym, Daniel bu ýerde, Gorkma" diýip seslenmegi bilen bagly wideo materiallar, sosial mediada köp sanda adam tarapyndan paýlaşyldy. 

Ýer titremede gözleg we halas ediş toparlary bilen birlikde köp sanda ýurtdan gelen itler hem gözleg we halas ediş işlerine goldaw berdiler. 54 ýurtdan 440 ýörite ýetişdirilen it, harabalyklaryň aşagynda köp sanda adamy tapyp, çykarylmagyndan möhüm rol eýelediler. 



Degişli Habarlar