Altun Gresiýa Duýgudaşlyk Bildirdi

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun Gresiýada otly heläkçiliginde pida bolanlaryň ýakynlaryna duýgudaşlyk bildirdi.

1953609
Altun Gresiýa Duýgudaşlyk Bildirdi

Fahrettin Altun bu barasynda sosial media hasabynda grek dilinde habarnama berdi.

Gresiýada bolan otly heläkçiliginiň gynandyryjy we tragikidigini beýan eden Altun, habarnamasynda pida bolanlaryň ýakynlaryna, grek halkyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirdi.

Altun ýaralylara şypa diledi.

Gresiýada bolan otly heläkçiliginde 38 adam pida bolup, 57 adam ýaralanypdy.



Degişli Habarlar