Tunjeli welaýatynda bir terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Tunjeli welaýatynyň Merkezi etrabynyň Baki Deresi diýilýän ýerinde Žandarma güýçleri tarapyndan geçirilen operasiýada 1 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1953275
Tunjeli welaýatynda bir terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiyäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Eren Gabaw Güýz-Gyş-13 Şehit Žandarma uly seržant starşina Jelil Mutlu operasiýasynyň çäginde, Tunjeliniň Žandarma sebitleýin serkerdeligi, Tunjeliniň welaýat Žandarma serkerdeligi we Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan Tunjeli welaýatynyň Merkezi etrabynyň Baki Deresi diýilýän ýerinde Žandarma güýçleriniň ýöriteleşdirilen topary we Žandarma güýçleriniň komandos toparlarynyň gatnaşmagynda razwedka maglumatyna laýyklykda umumy operasiýanyň geçirilendigi habar berildi. 

Öýleriň birinde ekstremist terror guramasy PKK/KJK-agza 1 terrorçynyň bardygy barada alynan maglumata laýyklykda geçirilen operasiýada ýaragly çaknyşygyň netijesinde 1 terrorçynyň elindäki ýarag bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirilendigi bellenen beýanatda, sebitde şeýle hem komandos güýçleri tarapyndan gözleg we saplaýyş işleriniň dowam etdirilýändigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar