Dünýä liderleri Prezident Erdogany dogulan güni bilen gutlaýarlar

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Prezident Rejep Taýýip Erdogany dogulan güni bilen gutlady

1951675
Dünýä liderleri Prezident Erdogany dogulan güni bilen gutlaýarlar

Russiýanyň hökümedi tarapyndan berilen beýanata görä, Putin Erdogana dogulan güni mynasybetli gutlag hat ugratdy. 

Prezident Erdoganyň raýatlarynyň arasynda we daşary ýurtda uly abraýa eýedigini aýdan Putin: "Bu kyn günlerde, bular ýaly tankydy döwürde Türkiye weýrançylykly ýer titremeleriň pajygaly netijeleriniň hötdesinden gelýärkä, bir döwlet işgäri we adam hökmünde iň gowy aýratynlyklaryňyz, batyrgaýlygyňyz, başarnygyňyz, aň-düşünjeli we zerur kararlary kabul edip bilmek aýratynlygyňyz doly ýagdaýda ýüze çykýar" diýip belledi. 

Ýurdunda Russiýa bilen Türkiyäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we konstruktiw hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmeginde Erdoganyň şahsy tagallalarynyň takdyr edilýändigini aýdan Putin: "Ikitaraplaýyn bähbide esaslanýan umumy taslamalary ulgamlaýyn häsýetde durmuşa geçirjekdigimizi, global we sebitleýin gün tertipdäki möhüm meseeleriň çözülmegi bilen bagly tagallalary koordinasiýa etmäge dowam etjekdigimize ynanýaryn" diýip aýtdy. 

Erdoganyň dogulan gününi tüýs ýüreginden gutlan Putin: "Hormatly dostum, size tüýs ýüregimden saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk we üstünlikarzuw edýärin" diýip belledi. 

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen birlikde Özbegistanyň Prezdenti Şewket Mirziýoýew we Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç hem Prezident Erdogana jaň edip, dogulan güni bilen gutlady. 

Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç Erdogana Türkiyede 6-njy fewralda başdan geçirilen ýer titreme sebäpli gynanç bildirdi. 



Degişli Habarlar