Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 44 Müň 218 Adama Ýetdi

Ýer titremelerinden soň 9 müň 136 ýer sarsgyny boldy.

1951322
Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 44 Müň 218 Adama Ýetdi

6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany 44 müň 218 adama ýetdi.

Tebigy apatlary we adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş edarasy AFAD 6-njy fewralda bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinde 44 müň 218 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Ýer titremelerinden soň 9 müň 470 ýer sarsgyny boldy.

Ýer titremeleriniň başdan geçirlen sebitlerinde 11 müň 424-i gözleg we halas ediş topary bolmak bilen jemi 239 müň 977 adam iş alyp barýar.

Sebitde 335 müň 382 çadyr guruldy. 10 welaýatda 130 ýerde hem konteýner şäherçesi gurulýar.

 



Degişli Habarlar