Ýer Titremeleri Zerarly Guralýan Duýgudaşlyk Saparlary Dowam Edýär

"Baş sekretary Hüseýin İbrahim Taha duýgudaşlyk sapary üçin minnetdarlyk bildirdik”

1950744
Ýer Titremeleri Zerarly Guralýan Duýgudaşlyk Saparlary Dowam Edýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Türkiýede saparda bolýan Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Hüseýin İbrahim Taha we Nigeriýanyň Prezidentiniň ýörite wekili Muhammed Musa Bello bilen duşuşdy.

Ministr Çawuşoglu, Twitterden beren habarnamasynda, “Ýer titremeleri zerarly ýurdumyza gelen YHG-nyň Baş sekretary Hüseýin İbrahim Taha duýgudaşlyk sapary üçin minnetdarlyk bildirdik” diýdy

Mewlüt Çawuşogly başga bir habarnamasynda hem “Nigeriýanyň Prezidentiniň ýörite wekili Muhammed Musa Bello ýer titremelerinden soň bize goldaw bermek we duýgudaşlyk bildirmek üçin Ankarada geldy Jenap Bello sagbolsun aýdýarys” diýip belledy



Degişli Habarlar