Prezident Erdogan, Hataýda Ýer Titremeleri Barada Maglumat Berdi

Prezident Erdogan, 1 million 684 müň adamyň ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilendigini ýatlatdy.

1949029
Prezident Erdogan, Hataýda Ýer Titremeleri Barada Maglumat Berdi

Prezident R. T. Erdogan, güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden soň 1 million 684 müň adamyň ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilendigini nygtady.

Prezident Erdogan, Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş edarasy AFAD-yň Hataýdaky merkezinde ýer titremelerinde ýykylan binalar hakynda maglumat berdi.

Erdogan “Ýer titremelerinde 21 müňe golaý bina dolulygyna ýykyldy. 71 müňden gowrak binanyň harabalygy ortadan aýryldy”diýdi.

Prezident Erdogan, ýykylan ýada ýykylmagyň bäri ýanynda bolan 118 müň bina boşadyldy” diýip belledi.

Ýer titremelerinde çekilen ýitginiň anyklanylmagy baradaky işleriň güýçli depginde dowam edýändigini aýdan Erdogan “Gözleg we halas ediş işleri tamamlanyp barýar. Ýer titremelerinde ýogalan 41 müň 156 raýatymyz jaýlandy. Harabalygyň aşagyndan halas edilenleriň sany hem 114 müň 834 adama ýetdi” diýdi.

Prezident Erdogan, 1 million 684 müň adamyň ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilendigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar