Daşary ýurtly liderler Prezident Erdogana duýgudaşlyk bildirdiler

Kommunikasiýalar edarasy mesele bilen bagly beýannama berdi

1948478
Daşary ýurtly liderler Prezident Erdogana duýgudaşlyk bildirdiler

Bolgariýanyň, Maltanyň we Albaniýanyň liderleri bilen Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidium Geňeşiniň ozalky başlygy Bakir Izzetbegowiç Prezident Rejep Taýýip Erdogana jaň edip, ýer titreme sebäpli gynanç we duýgudaşlyk ýüzlenmelerini beýan etdiler. 

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä, 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan we ýurduň 11 welaýatyna täsir ýetiren 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremeler sebäpli Prezident Rejep Taýýip Erdogana telefon arkaly jaň eden Bolgariýanyň Prezidenti Rumen Radew, Maltanyň Prezidenti Jorj Wella, Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama we Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidium Geňeşiniň ozalky başlygy Bakir Izzetbegowiç ýogalan adamlar zerarly gynanç bildirdiler, ýaralanan adamlara bolsa gyssagly şypa dilediler. 



Degişli Habarlar